Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeligine gatnaşar

1 Aprel 2024
406

Golaýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, abraýly halkara düzümler, şol sanda BMG bilen netijeli gatnaşyklar Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda uzak möhletli geljek üçin binýatlaýyn ugurlary kemala getirýär. Şolaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) amala aşyrmak esasy orny eýeleýär. Halkara bileleşigiň işjeň agzasy bolan Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny işläp taýýarlamaga saldamly goşant goşdy we milli maksatnamalara, durmuş-ykdysady strategiýalara girizmek bilen, ony milli derejede ýerine ýetirip başlan ilkinji döwletleriň biri boldy. Hususan-da, Türkmenistan Hökümet derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryndan ilkinji tapgyrda jemi 17 maksady, 148 wezipäni we 187 sany görkezijini kabul etdi.

Beýleki habarlar