Ynsanperwer ýörelgeler rowaçlanýar

31 Mart 2024
437

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimiziň sazlaşykly ösüşi we saglygy, olaryň mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklary, döredijilik, sport hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi baradaky alada Garaşsyz Watanymyzda döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzda hem eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu babatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň we rowaçlygynyň binýady bolan bagtyýar ýaş nesillerimiz uly alada bilen gurşalyp alynýar hem-de olara aýratyn üns berilýär.

Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar