«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Türkmen halkynyň çeper elli zenanlary özleriniň döreden sungaty bilen dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Öý-ojagyň sütüni, mähir çeşmesi hasaplanýan türkmen zenanlarynyň ellerinden dür dökülýär. Olaryň näzik ellerinden çykan nepis keşdelerdir haly önümleri biziň gündelik durmuşymyza mäkäm ornaşypdyr welin, olarda özboluşly gudrat duýulýar.