«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet»

29 Mart 2024
566

23-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belledi hem-de Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berdi.

«Arkadag».
Beýleki habarlar