Ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmegiň bähbidine

28 Mart 2024
358

Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy üpjün etmek babatda dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berýär. Döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasaty ählumumy howpsuzlygy berkitmekde, häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini tapmakda, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin amatly şertleri döretmekde, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Milletler Bileleşiginiň  tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilendir.

Ýurdumyz halkara gatnaşyklaryň gün tertibindäki gaýragoýulmasyz meselelere çynlakaý çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine mynasyp jogap berýän oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň halkara giňişligindäki ähmiýetli ornuny has-da berkidýär.

Serdar ALLAKOW,
Tejen etrap kazyýetiniň kazysy.
Beýleki habarlar