«Tohum al-da, ýere bar...»

28 Mart 2024
600

Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz welaýatynda-da gowaça ekişine guramaçylykly girişildi. Şu mynasybetli welaýat häkimliginde oba hojalyk düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Onda gowaça ekişini bellenilen möhletlerde geçirmek, bu gymmatly çig maly ösdürip ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, mineral dökünleri ýeterlik mukdarda ulanmak, taýýarlanan tohumlaryň saklanyş tertibini we gögerijilik ukybyny doly bahaly üpjün etmek, ösümlikleri zyýan berijilerden we haşal otlardan goramak barada giňişleýin gürrüň edildi. Şu ýyl welaýat boýunça 140 müň gektar meýdanda gowaça ekmek, 275 müň tonna «ak altyn» hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gyzgalaňly möwsüme taýýarlygyň çäginde welaýat oba hojalyk birleşiginiň garamagyndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ekişde ulanyljak tehnikalar düýpli abatlandy. Möwsümde ekijileriň 450-den gowragy, dürli kysymly traktorlaryň 2 müň 200 sanysy hem-de 19 müňden gowrak oba hojalyk iş gurallary bökdençsiz işlediler.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar