Aşgabat hokkeý boýunça halkara ýaryşy kabul eder

15 Mart 2024
504

Paýtagtymyzda ýokary derejede guralyp, dünýä ýaň salan Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tamamlananyna heniz köp wagt geçenok. Ine, bu gün bolsa sport ýurduna öwrülen Türkmenistan nobatdaky iri bäsleşigi – hokkeý boýunça halkara ýaryşy kabul etmäge taýýarlyk görýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine 2024-nji ýylyň 15 – 20-nji apreli aralygynda bu ýaryşy geçirmäge ygtyýar berildi.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 18-nji fewralynda gol çeken Karary bilen döredilen guramaçylyk topary ýaryşy ýokary derejede guramak hem geçirmek bilen baglanyşykly uly işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyny guramaçylykly geçirmek

Kakamyrat Geldiýew,
«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar