«At­le­tik Bil­bao» 40 ýyl­lyk ar­zu­wy­na ýet­me­giň bo­sa­ga­syn­da dur

15 Mart 2024
484

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «La Li­ga­da» di­ňe 3 klub aşa­ky li­ga düş­me­di. Il­kin­ji iki­si­ni çak­la­mak kyn däl — «Re­al Mad­rid» bi­len «Bar­se­lo­na». 3-nji klub üçin da­laş­gär köp bo­lup, «At­le­ti­ko Mad­rid» bi­len «Wa­len­si­ýa» ýa­dyňa il­kin­ji düş­ýän to­par­lar­dyr. Ýö­ne bu iki klub hem däl. «La Li­ga­da» aşa­ky li­ga düş­me­dik 3-nji klub «At­le­tik Bil­bao» to­pa­ry­dyr. Bask re­gio­ny­nyň res­mi däl mil­li to­pa­ry hök­mün­de gö­rül­ýän klub­da di­ňe Bask se­bi­tin­de dün­ýä inen­ler çy­kyş edip bil­ýär. As­lyn­da bu ba­ra­da klu­buň res­mi taýdan ýa­zylan düz­gü­ni ýok. Ýö­ne öň­den ga­lan ýö­rel­ge bo­ýun­ça bu ýag­daý hä­zi­rem do­wam ed­ýär. Ýag­ny klub­da da­şa­ry ýurt­ly fut­bol­çy­lar, hat­da Is­pa­ni­ýa­nyň baş­ga se­bi­tin­de dün­ýä inen oýun­çy­lar hem çy­kyş edip bil­me­ýär. As­ly da­şa­ry ýurt­ly bo­lu­bam Bask se­bi­tin­de dün­ýä inen fut­bol­çy­la­ra bol­sa oý­na­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­ýär. Edil Is­pa­ni­ýa­nyň Şa Ku­bo­gy bäs­le­şi­gi­niň ýa­rym fi­na­lyn­da «At­le­ti­ko Mad­ri­di» ýa­ryş­dan çy­ka­ran do­gan­lar Inia­ki we Ni­ko Wil­liams­lar ýa­ly.

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «La Li­ga­da» fut­bo­lyň mer­ke­zin­de 2 şä­her bar – Mad­rid hem-de Bar­se­lo­na. Çem­pi­on­lyk 2 to­pa­ryň ara­syn­da çal­şyp dur­ýar. Seý­rek hem bol­sa ara Mad­ri­diň beý­le­ki to­pa­ry «At­le­ti­ko» klu­by hem gir­ýär. Çem­pio­nat­da «Re­al Mad­rid» hem-de «Bar­se­lo­na­dan» soň iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan klub Bil­bao şä­he­ri­niň «At­le­tik» to­pa­ry­dyr. 8 ge­zek «La Li­ga­ny» çür de­pe­de ta­mam­lan klu­buň soň­ky çem­pi­on­ly­gy­nyň üs­tün­den 40 ýyl geç­di. 1983/84 möw­sü­min­de ga­za­ny­lan «La Li­ga» çem­pi­on­ly­gy­nyň üs­tü­ni Şa Ku­bo­gy­nyň ýeň­şi bi­len hem ýe­ti­ren «At­le­tik Bil­bao» şol möw­süm­de ýur­duň Su­per Ku­bo­gy­ny hem ga­za­nyp­dy. Şon­dan soň bol­sa «gyş uky­sy­na gi­den» «At­le­tik Bil­bao» to­pa­ry «La Li­gada» hem-de Şa Ku­bo­gy­nda çem­pi­on­ly­gy ýat­dan çy­kar­dy. To­par ta­ry­hyn­da 1983/84 möw­sü­min­de 3 ku­bogy bir­den ga­za­nyp­dy. Şon­dan soň to­par Is­pa­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­ny 2 ge­zek ga­zan­ma­gy ba­şar­ýar. Şa Ku­bo­gy­nyň fi­nal­çy­sy hök­mün­de gat­na­şan topar Su­per Ku­bo­gy du­şu­şyk­la­ryn­da 2015-nji hem-de 2021-nji ýyl­lar­da ýe­ňi­ji bol­ýar.

Beýleki habarlar