Adam hakda alada

14 Mart 2024
401

Diýarymyzda raýatlarymyzyň eşretli ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan ýaşaýyş jaýlarynyň sany barha artyp, Diýarymyzyň keşbi gün-günden gözelleşýär.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet Baştutany wezipesine saýlanan güni: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip nygtady. Ýurdumyzda yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän durmuş maksatly binalarydyr desgalary synlanyňda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň özenini raýatlarymyzyň abadan, bolelin, sapaly ýaşaýşynyň düzýändigini  aýdyň görmek bolýar.

Rozymuhammet ARTYKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar