Gadyrly gatnaşyklaryň gözýetimi

11 Mart 2024
270

Berkarar döwletimiz oňyn Bitaraplyk hem-de parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Türki Döwletleriň Guramasy bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hem şol ýörelgelere laýyk gelýär. Türkmen halkyny bu gurama agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertler döreýär. Ýazyň ajaýyp günlerinde halkara baýramçylyklaryň bosagasynda gözel paýtagtymyzda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisi gadymy gözbaşly gatnaşyklary has-da berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Uly mümkinçilikleriň giňişligi

«Watan».
Beýleki habarlar