Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

8 Mart 2024
198

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy ýurduna öwürýär. Alnyp barylýan beýik işler merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly şertleri döredýär. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde zähmetsöýer zenanlaryň hem paýy uludyr.

Ýaş nesillerimizi ata Watanymyza we merdana halkymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent adamlar edip ýetişdirmekde kalby mähirden doly eneleriň örän uly hyzmaty bardyr. Mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyk edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde olar bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler. Eziz perzentlerinde ynsanperwerlik, ahlaklylyk, lebzihalallyk, zähmetsöýerlik häsiýetlerini kemala getirýän, ýürekleri mähirden hem-de buýsançdan doly, yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr. Merdana ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän mynasyp nesli ösdürip we terbiýeläp ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň bitirýän ägirt uly hyzmatlaryny nazara almak bilen, karar edýärin:

Beýleki habarlar