Türkmen-owgan gatnaşyklary berkidilýär

8 Mart 2024
382

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisini synlamak üçin Söwda-senagat edarasyna geldi. Gahryman Arkadagymyz sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady.

Bu ýerde hünärmen kompaniýanyň alyp barýan işleri, onuň çykarýan daşlarynyň görnüşleri, aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

«Watan».
Beýleki habarlar