Baş maksat ― önüm bolçulygy

8 Mart 2024
266

4-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

«Watan».
Beýleki habarlar