Gözelligiň gözbaşy

7 Mart 2024
303

Döwlet Baştutanymyzyň 23-nji fewralda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, dürli bilim ojaklarynda okaýan gelin-gyzlara, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşuryldy.

Döwletimizde zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmaga mümkinçilik döredýän gender syýasaty ýöredilýär. Zenanlarymyz ýurdumyzyň sport abraýyny hem gorap çykyş edýärler. Geçen ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçen Kuraş boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan wekilçilik eden 15 pälwanyň 8-siniň zenanlardygyny buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr.

Näzik BAZARGULYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar