Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

7 Mart 2024
283

Aşgabat, 6-njy mart (TDH). Şu gün 6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy üçin şertleri döretmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby ulgama döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Beýleki habarlar