Goňşuçylyk gatnaşyklary rowaçlanýar

6 Mart 2024
310

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz sergide görkezilýän harytlary synlamak maksady bilen, giň möçberli serginiň guralýan ýeri bolan Söwda-senagat edarasyna geldi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde owgan tarapynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ýangyç-energetika düzümlerine, söwda-ykdysady ugurlara bagyşlanan we beýleki ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem gatnaşdy.

«Arkadag»
Beýleki habarlar