Ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary

6 Mart 2024
413

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasy ugry özüniň diňe bir milli bähbitlerine däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleri nazarlaýan maksatlaryna, halkara giňişliginde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, döwletara gatnaşyklaryň esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň tassyk edilmegine netijeli, ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen çemeleşmäge bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini görkezýär. Taryhy tejribäniň düýpli medeni we aň-düşünje gorlarynyň we häzirki zaman garaýyşlarynyň öňüni alyş diplomatiýasynyň türkmen nusgasynda jemlenmegi Türkmenistanyň içerki ösüşinde-de, dünýä giňişliginde-de üstünlik gazanmagyna ýardam berýär. Bu hakykatyň durmuş ýüzünde amala aşýandygyny ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatsöýüjilikli gatnaşyklarynda, öňe sürýän oňyn garaýyşlarynda görmek bolýar. Hususan-da, ýurdumyzyň öňe sürýän parahatsöýüjilik, dost-doganlyk ýörelgesiniň bu gün bütin dünýäde giňden goldaw tapýandygyna Türkiýe Respublikasynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşynyň dowamynda ýene bir gezek göz ýetirdik.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň dowamynda halkara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy biziň öňümizde birnäçe düýpli soraglary, özi-de diňe bir syýasy, ykdysady, hukuk babatda däl-de, eýsem, ahlak, adalatlylyk we abraý-mertebe gatnaşyklaryna degişli soraglary hem goýýar diýip nygtady. Häzirki döwürde bu düşünjeler bitewüdir diýip hasap edýärin. Şoňa görä-de, syýasy howpsuzlygy, durnuklylygy, ykdysady ösüşi goldamak üçin taryhy ornuna, ilatynyň sanyna, jemi içerki önüminiň möçberine, harby mümkinçiligine ýa-da tehnologik derejesine garamazdan, ähli halklary hem-de döwletleri bu işe doly çekmek zerur. Olaryň şu günki we geljekki dünýä gurluşynyň deňhukukly agzalarydyr subýektleri bolmaga kanuny hukuklaryny ykrar etmek gerek diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

«Esger».
Beýleki habarlar