Abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna hoşniýetli hyzmatdaşlyk

6 Mart 2024
288

Berkarar ýurdumyz bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek bilen, dünýä halklarynyň arasynda dostlugy we asudalygy berkitmek, özara we netijeli hyzmatdaşlygy giňden ösdürmek hem-de pugtalandyrmak babatda tutumly işleri durmuşa geçirýär. Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty hem-de abadançylygyň, asudalygyň hatyrasyna we dünýä döwletleriniň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işleri bilen giňden tanalýar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda dürli ugurlarda ýola goýulýan gatnaşyklar bolsa halklaryň bähbidinden ugur alýar. Özara netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary halklaryň dostlaşmagyna hem-de ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine, durnukly ösüşi gazanmaga şert döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary iki dostlukly döwletiň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda täze sahypany açdy.

Gahryman Arkadagymyzyň iş saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen bolan duşuşygy yzygiderli ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Bu ugurda ykdysady hyzmatdaşlyk bolsa aýratyn häsiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dürli ugurlar boýunça gol çekilen resminamalar we ara alnyp maslahatlaşylan meseleler “Bir millet — iki döwlet” ýörelgesinden ugur alýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini alamatlandyrdy.

Muhammetmyrat Öwezow,
“Balkan”.
Beýleki habarlar