Türkmenistan — ÝHHG: netijeli hyzmatdaşlyklar ösdürilýär

6 Mart 2024
408

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň işjeň gatnaşyklar ugrunda çykyş edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Bitarap döwletimiziň häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmakda ÝHHG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygy tassyklanyldy. Energetika hem geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energiýa serişdelerine baý bolmak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak, olary üstaşyr geçirmek üçin syýasy, maliýe, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri durmuşa geçirmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygy bellenildi. Şunda Türkmenistanyň anyk ugurlar boýunça bu gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar