Durnukly ösüşiň oňyn görkezijileri gazanylýar

4 Mart 2024
258

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ilkinji iki aýy boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabatlary berdiler. Hasabatlary diňläp, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek bilen bagly öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar