Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady

2 Mart 2024
417

1-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady.

Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, dünýäniň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

(TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar