Saýlama ýaryşyň bosagasynda

2 Mart 2024
592

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň döwrebap başlangyçlary bilen başlanan sporty ösdürmek, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ajaýyp şertleri döretmek boýunça uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň türgenleriniň 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy we üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazanmagy boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Atageldi PALTAÝEW,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň direktory.
Beýleki habarlar