Sportuň galkynýan döwri

2 Mart 2024
474

Sport ýurdy hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýän eziz Diýarymyz bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde has-da uly ösüşlere uzaýan ýoluň menzillerini ynamly külterleýär. Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan sport syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilmegi halkara derejesindäki üstünlikleriň, ajaýyp netijeleriň hem-de täze ýeňişleriň binýadyny emele getirýär.

Bu ulgamyň hukuk binýadynyň hem berkden tutulandygyny bellemek gerek. Bu hakykat sportuň, bedenterbiýäniň hem-de köpçülikleýin sagaldyş hereketiniň özenini düzýän kanunlarda giňden beýanyny tapýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe hem-de sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän bu resminama işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Watanymyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalardyr meýilnamalar bolsa şol resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ähmiýetli bölegidir.

Merdan ORAZMEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar