Kämillik menzilleri

2 Mart 2024
551

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy babatda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Berk bedenli we sagdyn ruhly nesliň kemala gelmegi üçin köpçülikleýin bedenterbiýe we sagaldyş hereketini hem-de sporty ösdürmäge uly üns berilýär.

Paýtagtymyzdaky Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa suw-sport toplumynda dürli ýaşdaky türgenler ykjam türgenleşik işlerini alyp barýarlar. Bu ýerde ýaşlar milli ýaryşlar bilen birlikde, halkara ýaryşlara hem taýýarlanýarlar. Toplumda türgenleriň bedenlerini berkitmegi üçin goşmaça howuzlar hem göz öňünde tutulandyr. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän howuzlarda türgenleriň arasyndaky ýaryşlar yzygiderli geçirilip durulýar. Golaýda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp ýaş türgenleriň arasynda suwda ýüzmegiň erkin usuly, brass, batterflýaý, arkanlaýyn ýüzmek ýaly görnüşleri boýunça Aşgabadyň açyk çempionaty geçirildi. Ýaryşda Hezret Tejenow (Tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa), Kirill Sewumýan (tälimçisi Muhammet Annadurdyýew), Şazada Atageldiýew (tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa) dagy ýeňiş gazanmagy başardy. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Rahat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar