Türkmen dzýudoçylary Pariž Olimpiadasyna ýakynlaşýarlar

1 Mart 2024
573

Dört yklym, 37 döwlet, 458 türgen, şol sanda 295 erkek, 163 zenan türgen, 14 agram derejesi. Ine, şu maglumatlar hem Warşawa şäherinde dzýudo boýunça geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynyň näderejede giň gerimli ýaryş bolandygyndan habar berýär. Türkmen türgenleri şeýle iri ýaryşda medallaryň ikisine mynasyp bolmagy başardylar.

Polşanyň paýtagtynda geçirilen çempionata ýurdumyzdan 8 türgen gatnaşdy. Olaryň 5-si erkek, 3-si zenanlardyr. Çempionatda ýaryşan türgenlerimiziň arasynda iň ýokary netijäni Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maýsa Pardaýewa gazandy. 19 ýaşly türgen 25 döwlete wekilçilik eden 30 dzýudoçynyň arasyndan saýlandy we 57 kilograma çenli agram derejesinde altyn medalyň eýesi boldy.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar