UEFA Ýewropa Ligasynda-da Konferensiýa Ligasynda-da pleý-off tapgyrynyň 1-nji duşuşyklary geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu tapgyrda ýeňiş gazanan klublar 1/8 finala çykýar.
«Milan» öz meýdançasynda «Renn» toparyndan Loftus-Çigiň (2) hem-de Rafael Leaonyň gollary bilen 3–0 hasabynda ýeňdi. Tapgyryň iň geň galdyran netijesi Portugaliýada hasaba alnyp, Azerbaýjanyň «Garabag» topary myhmançylykda «Bragany» Ýankowiçiň (21 p), Zubiriň (54, 69) hem-de Juninionyň (65) gollary esasynda 4–2 hasabynda utdy. Portugaliýanyň başga bir kluby «Sporting» bolsa myhmançylykda «Ýang Boýzy» 3–1 hasabynda ýeňip, 1/8 finala çykmak ugrunda uly mümkinçilik gazandy.