Milli üstünlikler uly ýeňişlere utgaşýar

21 Fewral 2024
359

Täze 2024-nji ýylyň futbol möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmek maksady bilen, Arkadag şäheriniň adybir futbol topary daşary döwletlerde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirýär. Ýurdumyzyň çempiony 16-njy fewraldan bäri BAE-niň Dubaý şäherinde türgenleşikleriniň ikinji tapgyryny alyp barýar.

Geçen ýyl ilkinji möwsüminde iki Kuboga mynasyp bolan «Arkadag» futbol topary hem Ýewropanyň we Aziýanyň güýçli toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirip, tejribesini artdyrýar. Dostluk ruhunda geçýän bu duşuşyklarda tälimçiler toparlarda ozaldan bäri çykyş edip gelýän futbolçylar bilen täze gelip goşulan oýunçylaryň oýundaky sazlaşygyna aýratyn üns berýärler.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar