Ýeňişli ýollaryň ýalkymy

21 Fewral 2024
434

Türkmen ýaşlarynyň ýoly ýeňişlerden doly. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň ýaşlara bagyşlanmagy, şeýle hem kitapda sport ulgamynda halkara üstünliklere eýe bolan ýaşlaryň atlarynyň we gazanan üstünlikleriniň agzalmagy türkmen türgenlerini ýene-de beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Döwrümiziň galkynyşyndan ganatlanyp, dünýäde türkmen sportunyň dabaralanmagyna goşant goşýan pälwanlarymyzyň biri-de kuraş boýunça halkara derejeli sport ussady Gaýratjan Zeripowdyr.

Kuraş boýunça 5 gezek ýurdumyzyň çempiony bolan Gaýratjan ýurdumyzda tejribeli tälimçi, ussat türgen hökmünde tanalýar. Ol Çärjew etrabyndaky 3-nji sport mekdebinde başa-baş söweş sungaty boýunça ýaşlara tälim bermegiň ýany bilen halkara derejeli sport ýaryşlaryna hem yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip gelýär. Gaýratjan 2009-njy ýylda Ukrainada, 2011-nji ýylda Özbegistanda kuraş boýunça geçirilen VII we VIII Dünýä çempionatlarynda 60 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medallara mynasyp boldy.

Ruslan PAÝZULLAÝEW,
welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň baş hünärmeni, kuraş boýunça sport ussady.
Beýleki habarlar