Basketbol ýaryşy

19 Fewral 2024
458

Tejen etrabynyň merkezindäki sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde basketbol ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda okuwçy oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşa welaýatymyzyň etraplaryndan toparlar gatnaşdy.

Sport mekdepde ýaryşyň guramaçylykly geçmegi ugrunda döredilen giň şertler okuwçy ýaşlara erjelligini, başarnygyny doly derejede görkezmäge özboluşly mümkinçilik berdi. Şeýle bolansoň, ýaryş turuwbaşdan çekeleşikli geçdi. Gyzykly duşuşyklara baý bolan ýaryşyň netijesinde Tejen etrabynyň topary birinji, Kaka etrabynyň topary ikinji, Sarahs etrabynyň topary üçünji ýerleri eýelediler. Basketbol ýaryşynyň ýeňijileri hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.

Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar