Halkara ýaryşyň ýeňijileri

16 Fewral 2024
537

Türkmenistanyň boks boýunça ýaşlar ýygyndy topary ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşdy.

Bu halkara ýaryşy 7 döwletden 140-dan gowrak boksçyny bir ýere jemledi. Oňa Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň 8 türgeninden we tälimçi-mugallymdan hem-de eminden ybarat sport wekiliýeti gatnaşdy. Türkmen boksçulary bu bäsleşigi 8 medal bilen jemlediler. Olar bir altyn, bir kümüş hem-de 6 bürünç medallardyr.Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mekan Sabyrow 54 kg agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Aşgabat şäheriniň 78-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Gurbanberdiýew 60 kg agram derejesinde çykyş edip, kümüş medal gazandy. Aşgabat şäheriniň 52-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Hangeldi Lukmanow 46 kg agram derejesinde, Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Meýlis Şadurdyýew 54 kg-de, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Nurmyrat Saparow 48 kg-de, Aşgabat şäheriniň 72-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hojamberdi Öwezniýazow 57 kg-de, Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Arzuw Bäşimow 67 kg-de, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mustapa Muhammetdurdyýew 92 kg-de bürünç medallara mynasyp boldular.

Atageldi PALTAÝEW,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň direktory.
Beýleki habarlar