Sagdyn durmuşyň gözbaşy

16 Fewral 2024
674

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, ajaýyp ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim almaga, sport bilen meşgullanmaga, zähmet çekmäge höwesli ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmalydygyny döwrebap ylym subut edýär. Bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda ösdürmek üçin bu ulgamyň işgärleri netijeli işler alyp barýarlar. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin we onuň ähmiýetini hemmelere, esasan hem, Watanymyzyň geljegi, güýç kuwwaty bolan ýaş nesillerimize wagyz etmek işlerini ýaýbaňlandyrmak, elbetde, biz – ýaşlaryň paýyna düşýär. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi ýaşlary sporta höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy ugrunda ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde degişli işleri alyp barýar.

Aýbölek ÇARYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň lukmany.
Beýleki habarlar