Gadymy oýnuň ýaş ussatlary

16 Fewral 2024
738

Golaýda paýtagtymyzda 14, 16 we 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşda medallar toplumynyň 6-sy ugrunda göreş alnyp baryldy. Bäsleşige 200-den gowrak küştçi gatnaşdy.

16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Gülmira Seýilhanowa mümkin bolan 9 utukdan 9-syny toplady. Mähri Aýmakowa ikinji orny eýeledi. Üçünji orna Mary welaýatyndan Jennet Ýalkanowa mynasyp boldy.

Bibi GAÝLYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar