Futbol täzelikleri

16 Fewral 2024
365

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň (U23) baş tälimçisi Ahmet Agamyradow şu ýylyň 9 – 15-nji fewraly aralygynda Özbegistanyň futbol birinjiliginiň wekili «Nowbahorda» tälimçilik bilimini kämilleşdirmek maksady bilen, toparyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdy.

Bu okuw-türgenleşik häzirki wagtda PRO derejeli tälimçilik şahadatnamasyny almak üçin okuw geçýän türkmen hünärmenine tejribe mekdebi bolar. Bir hepde dowam eden okuw-türgenleşige gatnaşan A.Agamyradow «Nowbahor» toparynyň çäginde hereket edýän dürli ýaş derejelerindäki toparlaryň tälimçileri bilen tejribe alyşdy.

Hudaýberdi HUDAÝBERDIÝEW, .
sport synçysy
Beýleki habarlar