Türkmenistan – sport ýurdy

9 Fewral 2024
599

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda milli maksatnamalar, toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär.

«Sport we bedenterbiýe döredijilik başlangyçlaryny, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýjüň esasy çeşmesidir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzda jemgyýetimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynda hemişe esasy üns berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Bedenterbiýe hem-de sport ulgamlaryny ösdürmek we kadalaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň kämil kanunçylyk binýadynyň döredilendigi hem aýratyn bellärliklidir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän oňyn özgertme-ler, maksatnamalaýyn işler Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, ýurdumyzyň kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Begmyrat OJAROW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport çärelerini guramak we utgaşdyryş guramasynyň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar