Sport mekdeplerinde

9 Fewral 2024
557

Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Daşoguz şäheriniň 5-nji sport mekdebinde ýaş zehinleri saýlap-seçip almakda we güýçli türgenleri ýüze çykarmakda, ýöriteleşdirilen şertlerde taýýarlamakda hem-de halkara derejeli ussatlyga çenli ösdürmekde meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Mekdepde futzal, futbol, basketbol, boks, kýokuşinkaý karate, adaty karate, grek-rim göreşi, ýeňil atletika, kikboksing we taýboks boýunça 900-e golaý türgen bilen 30-a golaý tälimçi-mugallym türgenleşik geçýär. Ýaş türgenler hem-de ussat tälimçiler sport görnüşleri boýunça türgenleşip, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň çäginde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, dürli derejeli medallara mynasyp bolýarlar. Olardan Eldar Taganow, Aýşat Hojageldiýewa, Öwez Guwanjow we Nabat Kakaýewa ýaly türgenleri agzamak bolar. Şeýle-de, mekdebimiziň tejribeli tälimçi-mugallymlaryndan karate boýunça Saparmyrat Hojageldiýew, boks boýunça Dädebaý Geldinazarow, kýokuşinkaý karate boýunça Gurbanmyrat Saparmyradow, ýeňil atletika boýunça Orazbibi Nazarowa, şeýle hem awtosport boýunça mekdebiň instruktor-usulyýetçisi Didar Orazmedow birnäçe ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdiler.

Olaryň geljekde hem sport üstünlikleri bilen begendirjekdiklerine ynanýarys.

Beýleki habarlar