Jelaletdiniň ömür beýany hem ýörişleri barada kitap ýazýan Muhammet Nesewi soltany agyr oýlaryň girdabyndan çykarmak niýeti bilen habar gatdy:
— Seň görkezen edermenlikleň köpüsini gördüm. Esgerlere diýýän sözleriňi, söweş buýruklaryňy eşitdim. Eger göwnüňe alman, ak ýürekden jogap bererin diýseň, ýene bir zat sorasym gelýär.