Ökdeler öňe saýlandy

9 Fewral 2024
753

Sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň jemgyýetiň abadançylygynda hem-de döwletiň pajarlap ösüşinde juda uly orny bar. Munuň özi tutuş dünýäde tejribe arkaly, ýagny iş ýüzünde ykrar edilen misilsiz hakykatdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hem köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi röwşen ertirimiziň hakyky eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrümiziň beden, ruhy, aň-paýhas taýdan kämil raýatlary bolup ýetişmekleri üçin hemme şert-mümkinçilikler döredilýär. Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen adam hem-de onuň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.

Şu günler Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde guramagynda eziz Diýarymyzda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Spartakiada dowam edýär. Ýakynda bu umumymilli oýunlaryň çäklerinde Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça ýaryş geçirildi. Oňa welaýatyň ähli etraplaryndan mekdep okuwçylarynyň köpsanlysy gatnaşdy. Munuň özi ata Watanymyzda adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň arasynda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmaga wajyp ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Seýitdurdy JUMUROW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy.
Beýleki habarlar