2006-njy ýylyň 10-njy fewralynda Italiýanyň Turin şäherinde ХХ gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Oýunlarda döwletleriň 80-sine wekilçilik eden türgenleriň 2663-siniň bäsleşendiklerini bellemek gerek.
Türgenler sportuň 15 görnüşinde medal sanawynyň 84-si ugrunda göreş alyp bardylar. Oýunlaryň Albaniýanyň, Madagaskaryň hem-de Efiopiýanyň ýygyndy toparlarynyň ilkinji çykyşyny özünde jemländigi hem bellenilmäge mynasypdyr.