Bäşinji belgili Bäşimow

31 Ýanwar 2024
487

Köp adamlar: «Abdy Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda geçiren goşa goly bilen özüni görkezdi» diýip pikir edýärler. Bu dogry. «Arkadag» topary finalda güýçli garşydaşy bolan «Ahaldan» üstün çykmagyna tejribeli goragçysynyň goşa goly uly goşant goşdy. Tälimçileriň görkezmesi bilen jerime urgularynda garşydaşyň jerime meýdançalaryna girip, wagtal-wagtal tapawutlanýan Abdy bir aýak, bir-de kelle goly bilen toparyna arzyly ýeňşi we Kubogy getirmäge ýardam etdi. Ýöne Abdy Bäşimow geçen möwsümde topary bilen bilelikde has kän işi başardy.

Birinjiden, goragda oýnaýandygyna garamazdan, ol Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminde 4 gezek tapawutlanyp, «Arkadag» toparynyň düzüminde iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji altylygyna girdi. Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda geçiren goşa golundan ozal hem Abdynyň bu ýaryşda iki goly bardy. Şeýlelikde, Kubok ýaryşynyň geçen möwsüminde 4 pökgi geçirmegi başaran Abdy toparynyň düzüminde bu ýaryşda iň kän tapawutlanan ikinji futbolçy boldy. Geçen ýyl garşydaş toparlar 31 resmi duşuşykda «Arkadag» toparynyň derwezesinden bary-ýogy 17 pökgi geçirdiler. Şol sanda topar bu duşuşyklaryň deň ýarysyndan hem gowragyny ― 16-syny derwezesine gol geçirtmän tamamlady. Abdy ― Bäşimowlaryň maşgalasyndaky ilkinji futbolçy. Hemmelerde bolşy ýaly, futbola bolan höwes onda-da çagalykda oýandy. Şeýlelikde, heniz 8 ýaşly Abdy paýtagtymyzdaky «Laçyn» çagalar toparynda Çary Annamämmedowdan tälim alyp başlady.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar