Ýeňişleriň hem alkyşlaryň zamanasy

31 Ýanwar 2024
640

Berkarar Watanymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy dünýä dolan dabaralar bilen bellenip geçildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde şol geçen şöhratly ýyllaryň dowamynda ähli ugurlarda gazanylan ägirt uly ösüşler dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýdy. Ýetilen belent sepgitler, taryhy ösüşler dogrusynda söhbet edilende bolsa, eziz Diýarymyzda sport ulgamynda amala aşyrylan nusgalyk işler hem öz mynasyp ornuny eýeleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary we taryhy tutumlary, giň gerimli özgertmeleri netijesinde milli sportumyzy ösdürmegiň binýadynyň goýlandygy döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Şol başlangyçlaryň, tutumlaryň, özgertmeleriň esasynda hem ýurdumyz dünýäde sport döwleti diýlen belent ykrarnamanyň eýesi boldy. Watanymyzda sanlyja ýylyň içinde ençeme bedenterbiýe-sagaldyş, sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ilatyň saglygyny berkitmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni rowaçlandyrmagyň, ýokary netijeli sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda dünýä derejesindäki iri sport ýaryşlarynyň nusgalyk derejede geçirilmeginiň asylly däbe öwrülmegi bolsa, Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde ykrar edilmeginiň hakykatyň dabaralanmasydygyny äleme äşgär etdi.  

Aşyrberdi Gurbanow,
«Balkan».
Beýleki habarlar