Ýaş küştçüleriň ýeňşi

31 Ýanwar 2024
558

Ýakynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 20 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda sportuň küşt görnüşi boýunça ýurdumyzyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Küşt federasiýasy bilen bilelikde guran ýaryşynyň esasy maksady küşt sportuny wagyz etmekden hem-de ýaşlar ýygyndy toparlaryna mynasyp türgenleri saýlap almakdan ybarat boldy.

Ýaryş küştüň adaty, rapid we blitz görnüşleri boýunça şweýsar usulynda 9 tapgyrda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden türgenleriň 100-e golaýy gatnaşdy. Gazanylan utuklaryň jemlerine görä, her görnüş boýunça aýratyn ýeňijiler kesgitlendi. Küştüň adaty görnüşi boýunça her oýunça 90 minut we goşmaça 30 sekunt wagt berildi. Türgenler rapidde 15 minut we goşmaça 10 sekunt, çalt oýnalýan blitzde 3 minut hem-de goşmaça 2 sekunt wagt aralygynda bäsleşdiler. Bu ugurlaryň hersinden 6, jemi 18 türgen ýeňiji boldy. Oglanlaryň arasynda iň ýokary netijäni görkezen küştçi Amanmuhammet Hommadow, gyzlaryň arasynda Lala Şöhradowa altyn medala hem-de Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň kubogyna mynasyp boldy. Ýeňijilere altyn, kümüş, bürünç medallar, Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar