«Atletiko» 7 ýyllyk şowsuzlygyny tamamlady

29 Ýanwar 2024
336

Madridiň «Atletiko» kluby Ispaniýanyň Kubogynyň çärýek final tapgyrynda «Sewilýany» ýeňip, ýaryşyň ýarym finalyna ýollanma aldy. Şeýlelikde, «Atletiko» 7 ýyllyk şowsuz seriýasyny tamamlady. Has takygy, topar soňky gezek 2016/17-nji ýylyň möwsüminde Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalyna çykypdy.

Ýeri gelende bellesek, «Malýorka», «Real» (Sosýedad) we «Atletiko» toparlary hem Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda meýdança çykmaga hukuk gazandylar.

Beýleki habarlar