Ekerançylyk bilen meşgullanmak, topraga ideg edip, ondan bol hasyl almak adamzadyň ilkidurmuş köpçülikleýin jemgyýetinden daşlaşyp, medeni derejesiniň ýokarlanyp başlan zamanyndan gözbaş alyp gaýdýar.
Biz muňa türkmen topragynda dörän irki ekerançylyk we şäher medeniýetleriniň iň gadymy ojaklary bolan Jeýtun, Altyndepe, Goňurdepe, Parfiýa-Nusaý, Köneürgenç, Amul, Dehistan ýaly ösen siwilizasiýaly şäherlerden aýdyň göz ýetirýäris.