Ýargyjak

11 Ýanwar 2024
810

Degirmeniň bugdaýy, arpany, daryny, jöweni üwäp, un öndürmekde ulanylandygyny, juwazyň däneli ekinlerden ýag almakda ulanylandygyny bilýäris. Degirmenlere, juwazlara biziň mirashanalarymyzda duşmak mümkin. Ýöne däneli ekinleriň arasynda şalyny gaýtadan işläp, tüwi we tüwi ýarmasyny almak üçin geçmişde, esasan,  soky, depme, ýargyjak ýaly gurallar ulanylypdyr. Olaryň içinde soky iň ýönekeýi bolup, depmeler gurluş taýdan çylşyrymlyrak bolupdyr. Özem adyndan belli bolşy ýaly, aýak bilen depilip işledilipdir.

Şalyny gaýtadan işlemekde has giň ýaýran gurallaryň biri ýargyjaklar bolupdyr. Ýargyjak hakynda «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde»: «Şalynyň gabygyny arassalamak üçin daşdan edilen gural» diýlip, düşündiriş berilýär. Soňam «Görogly» şadessanyndan Hüňkär şanyň berýän zulumy dogrusynda aýdylýan «Hyzmatkär çorularymyz ýargyjagyny gatyrak darta bilmeýärdiler» diýen sözlem mysal getirilýär.

Şöhrat ABDYÝEW,
mirasgär.
Beýleki habarlar