Futbol
Milli futbol çempionatymyzyň jemleýji 27-nji tapgyrynda Balkanabadyň «Nebitçi» topary Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul etdi. Duşuşykda balkanabatlylaryň ýeňiş gazanan halatynda çempionatyň bürünç medalyna eýe bolup bilýändikleri oýna bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy. Stadiona ýygnanan müňlerçe janköýerleriniň goldaw bermeginde hem «Nebitçi» bu maksadyna ýetmegi başardy.