«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar

3 Ýanwar 2024
1029

Ýanwar aýynyň başyndaky ýagdaýa görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 8 ýurda 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen uçuşlaryň tertibinde habar berilýär.

Uçuşlaryň aglaba bölegi Russiýa Federasiýasyna amala aşyrylar. Has takygy, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary Moskwa (3655,8 manat) hepdede 5 gezek we Kazana (4954,3 manat) bolsa hepdede 4 gezek gatnar. Petekleriň bahasy turkmenistanairlines.tm saýtynda görkezilendir.

Beýleki habarlar