Gresiýanyň öňdebaryjy klublaryndan «Panatinaikos» topary türkiýeli meşhur tälimçi Fatih Terimi toparyň tälimçiligine belledi. Pireý şäheriniň kluby 70 ýaşyndaky tejribeli hünärmen bilen 1,5 ýyllyk şertnama baglaşar. 4 dürli döwürde «Galatasaraýa» jemi 13 ýyl tälim beren Terim 3-nji gezek başga bir ýurduň toparynyň tälimçisi bolar. Terim 2000-nji ýyllaryň başlarynda Italiýanyň «Fiorentina» hem-de «Milan» klublaryna tälim beripdi.
Geçen möwsüm pleý-off tapgyrynda çempionlygy AEK toparyna aldyran «Panatinaikos» häzirki wagtda 15 oýunda 34 utuk toplap, 55 utukly sanawyň lideri PAOK-dan soň 2-nji ýerde barýar. Terimiň grek klubunda ilkinji synagy ýanwar aýynyň başlarynda «PAS Ýanina» toparyna garşy bolar. Şeýle-de, ýanwar aýynda «Panatinaikos» topary täze tälimçisiniň ýolbaşçylygynda kubok ýaryşynda köne bäsdeşi «Olimpiakos» bilen duşuşar.