«Arkadag» futbol toparynyň ajaýyp ýeňşi

26 Dekabr 2023
733

Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» futbol topary ilkinji möwsüminde ikinji baýragyna mynasyp boldy. Ynha, 24-nji dekabrda «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» futbol topary «Ahaly» 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy.

«Arkadag» stadionynda geçirilen final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Iki ýyl bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, tejribesini artdyran «Ahal» ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, «Arkadag» topary oýnuň dowamynda tapawutlanmagy başardy. Munuň şeýledigini final duşuşygynyň 29-njy, 52-nji we 68-nji minutlarynda geçirilen 3 gol hem aýdyň subut edýär.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar