«ARKADAG» toparynyň üstünligi

25 Dekabr 2023
441

24-nji dekabrda Arkadag şäheriniň adybir futbol topary «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» futbol toparyny 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň Kubogyny eýeledi.

Final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Bassyr iki ýyl bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, tejribesini artdyran «Ahal» ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, janköýerleriniň arasynda duşuşýan «Arkadag» topary oýnuň gidişini derrew eline aldy. Şeýlelikde, oýnuň 29-njy minutynda goragçy Abdy Bäşimow tapawutlanyp, finaldaky ilkinji goly geçirdi. Duşuşygyň birinji ýarymy «Arkadag» toparynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Çekeleşikli geçen duşuşygyň 52-nji minutynda ýene-de A.Bäşimow toparynyň ikinji goluny hem geçirdi. Final duşuşygynyň jemleýji goluny ýarym goragçy Ilýa Tamurkin 68-nji minutda geçirmegi başardy.

«Watan».
Beýleki habarlar