Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gökdepe etrabynyň sport mekdebiniň gazanan netijeleri

24 Dekabr 2023
450

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de goldamak we ösdürmek, türkmen sportyny dünýä derejesine çykarmak baradaky görkezmelerinden ugur alyp, ýaş zehinli türgenleri çagalykdan ýüze çykarmakda we saýlap-seçip almakda, ýurdumyzyň sport abraýyny mynasyp gorajak halkara derejeli ussat türgenleri ýetişdirmekde Gökdepe etrabynyň sport mekdebi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we Sport baradaky döwlet komitetiniň tassyklan ýyllyk iş meýilnamasy esasynda 2023-nji ýylda birnäçe işleri amala aşyrdy.

Ahal welaýatynyň Bedenterbiýe we Sport baradaky Baş müdirliginiň ýyllyk meýilnamasy esasynda, ýylyň dowamynda etrap häkimligi, etrap ýaşlar guramasy we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaş nesli köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaklyga çekmeklikde Gökdepe etrap sport mekdebi wagyz-nesihat, ündew-terbiýeçilik işlerini yzygiderli geçirýär.

Annamyrat Öwezmyradow,
Gökdepe etrabynyň sport mekdebiniň okuw müdiri.
Beýleki habarlar